Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan Eýranda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy
21.11.2025

Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşmakdan ybarat boldy.

Çykyşlarda söwda-ykdysady ugurda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, täze ugurlary işläp taýýarlamak we Pars aýlagy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly meseleler beýan edildi.

Saparyň çäklerinde Balkan welaýatynyň häkimi bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň häkimi I.Babuşkiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatynyň häkimi H.Haghşenasyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem, Gilan welaýatynda ýerleşýän Anzali erkin söwda zolagynda ýerleşýän portuň mümkinçilikleri bilen tanşyldy hem-de ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezýän serginiň işine gatnaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi