Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi.
Nygtalyşy ýaly, iki tarap hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagy maksat edinýärler. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlaryna aýratyn üns çekildi.
Mejlisiň dowamynda dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň iki tarap üçin hem ähmiýetli boljakdygy nygtaldy.







