Parižde 18-nji noýabrda IRIS instituty we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsindäki wehimler we mümkinçilikler» atly halkara maslahat geçirildi. Forumda energiýa, ekologiýa, suw serişdeleri, sanly ulgam, kosmos tehnologiýalary, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejede wagyz edilmegine bagyşlanyp, döwlet, ylmy-diplomatik we medeni toparlaryň wekillerini jemledi.
Türkmenistanyň Ilçisi Maksat Çaryýew Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini we 2025-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pariže amala aşyran resmi saparynyň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça giňeldenidigini nygtady.
Fransiýaly diplomatlar hem-de IRIS wekilleri Türkmenistanyň sebit durnuklylygyna goşandyny, energetika ulgamyndaky ornuny hem-de ekologiýa ugurlarynda — aýratyn-da metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça alnyp barylýan işleri ýokary bahaladylar.
Maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň hem-de Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň döredijiliklerine degişli eserlerden ybarat sergi guraldy. Çäre milli türkmen aşhanasynyň datly tagamlarynyň hödürlenmegi bilen tamamlandy.







