Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri söwda gatnaşyklarynyň ösüşi barada pikir alyşdylar
18.11.2025

Daşkent şäherinde 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany bolup durýandygyny nygtady.

Dostlukly ýurduň Baştutany söwda, ulag, energetika, suw hojalygy ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki işe ýokary baha berip, şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bitiren ägirt uly hyzmatyny aýratyn nygtady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky ýylda iki esse artdyrylandygyny aýdyp, harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň we erkin söwda tertibini netijeli ulanmagyň hasabyna bu görkezijini ýene-de köpeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de senagat kooperasiýasyny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk serişdelerini, derman serişdelerini, azyk önümlerini we beýleki isleg bildirilýän harytlary öndürmek boýunça täze taslamalara işewür toparlary işjeň çekmegiň möhümdigi bellenildi.

Energetika ulgamynda netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ulag ulgamy iki ýurduň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy, gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgam barada aýdanda, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we häzirki wagtda söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary öz içine alýar. Özara haryt dolanyşygy ösüş depgini bilen tapawutlanýar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti