Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady
15.11.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji noýabrda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Kararyň taslamasyny hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hökümetiň mejlisinde hödürledi.

Bellenilişi ýaly, gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti