Aşgabat şäherinde «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. Bu çärelere gatnaşyjy türkmen telekeçisi Sapar Nyýazow, ýurtda giň meşhurlyk gazanan «Belet» onlaýn platformasynyň geljegi barada «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.
S.Nyýazow «Belet» hyzmatynyň 2021-nji ýylda işe girizilendigini aýtdy. Ol Türkmenistanda UEFA Çempionlar Ligasynyň oýunlaryny 4K formatynda mahabatsyz ýaýlyma hödürlän ilkinji OTT platformasy boldy.
Taslamanyň esaslandyryjysynyň sözlerine görä, «Belet» gysga wagtda türkmen tomaşaçylarynyň arasynda uly meşhurlyk gazandy.
«Biziň hyzmatymyz tutuş ýurdy öz içine alýar. Häzirki wagtda platformany aýda takmynan 800 müň adam işjeň ulanýar» diýip, S.Nyýazow belledi.
Şeýle hem telekeçi «Belet» platformasynyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bilen hyzmatdaşlyk edip, täze resminamalaýyn we çeper filmleriň görkezilişini gurnandygyny aýtdy. Kompaniýa ýerli telewideniýe kanallary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi hem-de «Samsung», «LG», «Hisense» we «Apple TV» ýaly akylly telewizorlar üçin ýörite programmalar taýýarlamagy meýilleşdirýär.







