Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan bilen «NOKIA»-nyň 20 ýyllyk hyzmatdaşlygy täze ösüş tapgyryna çykýar
14.11.2025

Aşgabatda 12-nji noýabrda badalga alan «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» halkara maslahaty bilen sergisiniň çäklerinde «NOKIA» kompaniýasynyň Hazar sebiti hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Balyçew «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlik geçirdi. Ol türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi we ýurdumyzyň energetika pudagy üçin öňe sürülýän teklipleri beýan etdi.

«Aşgabatda geçirilýän halkara sergi hem-de maslahat diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem biziň kompaniýamyz üçin-de möhüm çäreleriň hataryna girýär. Biz Türkmenistanda “Altyn asyr” döwlet kompaniýasy bilen eýýäm 20 ýyldan bäri ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip gelýäris. Şonuň üçin ýurduň aragatnaşyk ulgamynyň giň böleginiň “NOKIA” enjamlary esasynda gurluşdyrylmagy biziň üçin strategiki ugurlaryň biridir» – diýip, görnüşe gelen kompaniýa wekili belledi.

Ý.Balyçewiň aýtmagyna görä, hyzmatdaşlygyň möhüm taraplarynyň biri – «NOKIA» kompaniýasynyň enjamlar bilen üpjün edýän sebitlerinde milli ulgamlary döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerini 5G (bäşinji nesil) aragatnaşygy bilen has giň gerimde örtmek hem-de bu hyzmatlary ilata elýeter etmek boýunça taýýarlyklar alnyp barylýar.

Bilelikde söhbetdeş bilen bellenilişi ýaly, “bäşinji nesil” aragatnaşyk standartlarynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň dürli ykdysady ugurlarynyň, şol sanda ýangyç-energetika kompleksiniň ösüşine-de oňyn täsirini ýetirer.

«Energetika ulgamynda kärhanalaryň durnukly we bökdençsiz iş alyp barmagy möhüm. Daglyk ýerlerdäki we çetde ýerleşýän gazyp alýan kärhanalaryň şertlerini göz öňüne getirsek, üznüksiz aragatnaşyk üpjünçiligi aýratyn ähmiýete eýe. Biziň mümkinçiligimiz desgalarda wideo gözegçilik ulgamlaryny gurnamak, şeýle hem logistik we nawigasiýa hyzmatlary boýunça tehniki goldaw bermek ýaly taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär» – diýip, sebit bölüminiň ýolbaşçysy nygtady.

Sözüniň dowamynda Ý.Balyçew häzirki döwürde tehnologik täzelenmeleriň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýändigini we ulgamyň täze derejä çykmagyna zerurlygyň ýüze çykandygyny belläp, Türkmenistanyň sanly bazarynyň hem täzeçil çözgütlere taýýardygyny aýtdy.

«Biz “Altyn asyr” bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, döwlet edaralaryna, uglewodorod gorlaryny işläp çykarýan kompaniýalara hem-de logistik merkezlere hyzmatlarymyzyň täze görnüşlerini hödürlemek üçin häzirki döwri iň amatly mümkinçilik diýip hasaplaýarys. Biziň maksadymyz – netijeli hyzmatdaşlyk» – diýip, söhbetdeşimiz jemledi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti