Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanda «X-Road» esasynda täze elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy ornaşdyrylýar
14.11.2025

Aşgabat şäherinde 12-nji noýabrda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergisi we ylmy maslahaty, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat hem-de sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» döwlet kompaniýasynyň pudagara elektron aragatnaşyk departamentiniň wekili Mekan Meredow «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi.

«Aragatnaşyk ministrliginiň wekili hökmünde belläp geçesim gelýär, şu ýyl biziň üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Biz özara utgaşykly, ygtybarly hem-de döwrebap elektron hökümet ulgamyny döretmek ugrunda möhüm sepgitlere ýetdik. Bu ugurdaky iň esasy üstünliklerimiziň biri bolsa täze döredilen «X-Road» atly milli maglumat alyş-çalşygy platformasydyr» diýip, M. Meredow aýdyp geçdi.

Söhbetdeşlikde nygtalyşy ýaly, bu ulgam dürli edaralaryň arasynda maglumatlary sanly görnüşde howpsuz geçirmek üçin niýetlenendir. Ol kagyz resminamalar ulgamynyň ornuny tutup, saglygy goraýyş, bilim, döwlet we ýuridik hyzmatlary ýaly köp sanly pudagy öz içine alýar.

«Elektron hökümet» ulgamynyň ösüşi bilen raýatlar dürli edaralardan gerekli kepilnamalary hem-de resminamalary bir platforma arkaly alyp bilerler. Ulgamyň esasy maksady – döwlet hyzmatlarynyň sanly görnüşleriniň elýeterliligini üpjün edip, raýatlara amatlylygy ýokarlandyrmakdyr.

Häzirki wagtda bu platforma birnäçe ministrlikler hem-de pudaklaýyn edaralar eýýäm birikdirildi. Geljekde raýatlar üçin sanly hyzmatlaryň möçberini giňeltmek maksady bilen integrasiýa işleriniň çaltlandyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň sanly ulgama geçişiniň täze tapgyryna taýýardygyny görkezýär.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti