Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar
11.11.2025

Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde 7–11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda sanly we innowasion çözgütleriň ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem syýahatçylygyň durnuklylygyny we jemgyýetçilik taýdan inklýuziwligini ýokarlandyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu ýylky mejlisiň esasy mowzugy «Emeli aňyň esasyndaky syýahatçylyk: geljege täze göz bilen seretmek» bolup, ol halkara syýahatçylygyň täze arhitekturasynyň emele gelmeginde emeli aňyň möhüm ornuna ünsi çekýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi