Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiniň mejlisini geçirmegi ara alnyp maslahatlaşdylar
08.11.2025

Aşgabatda 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara forumyna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň ÝB-niň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmäge ygrarlydygyny bellediler.

Diplomatlar hyzmatdaşlygy berkitmäge, hususan-da, bilim, ekologiýa we ulag ulgamlarynda geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi