Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy ýetip gelýän dabaralaryň geçiriljek ýerlerine baryp gördi
07.11.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy noýabrda ýurduň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleriň geçiriljek esasy ýerlerine baryp gördi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň Halkara maslahat merkezinde çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu binada geçiriljek halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Munuň özi olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde internet, aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Soňra Milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezine geldi. Çäreler daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan we türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda “Arkadag” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde-de ýokary derejeli myhmanlary we halkara guramalaryň wekillerini kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti