Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemegi guramak üçin birnäçe teklip berdi
07.11.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 6-njy noýabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Bellenişi ýaly, şanly seneleriň hormatyna giň möçberli medeni çäreler we dabaralar geçiriler. Aýratyn-da, halkara çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin medeni-durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi üpjün ediler. Halkara çärelere gatnaşjak myhmanlaryň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine zerur üns berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda we durmuş hyzmatlarynyň medeniýeti ýokary halkara görkezijilere, milli myhmansöýerlik däplerine laýyk gelmelidigini aýtdy. Baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçişi metbugat giňişliginde yzygiderli wagyz edilmelidir” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreleriň dowamynda dürli görnüşli harytlar, milli tagamlar bilen üpjünçilik meselelerine hem aýratyn üns berilmelidigini belläp, Aşgabat şäherinde, welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli önümleriň, şol sanda sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasyny guramak babatda maslahatlaryny beýan etdi. Şanly sene bilen bagly medeni-köpçülik çärelerini, teatr çykyşlaryny ýokary derejede guramagyň, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hemmetaraplaýyn şöhlelendirmegiň, degişli neşir önümlerini taýýarlamak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyna hem üns çekildi.

Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, halkara çärelere meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlardyr talyplaryň ýokary taýýarlygynyň üpjün edilmelidigini nygtady. Şunda myhmanlary garşy almak we ugratmak meselesi berk gözegçilikde saklanmalydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleri we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin Aşgabat şäherinde bezeg hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti