Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy
07.11.2025

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 3–6-njy noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.

BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýanyň howandarlygynda geçirilen bu halkara çäräniň açylyş dabarasynda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyndaky gazanylan üstünlikler, häzirki mümkinçilikler, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen maýa goýum şertleri giňden görkezildi.

Serginiň dowamynda G. Agajanow bilen BAE-niň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, «ADNOC» kompaniýalar toparynyň Ýerine ýetiriji direktory we Baş direktory doktor Sultan Al Jaber duşuşdy. Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ösüş derejesine ýokary baha berip, gatnaşyklaryň geljekde-de ösdüriljekdigini tassykladylar.

3-nji noýabrda G. Agajanow «Dragon Oil» kompaniýasynyň pawilýonynda «ENOC» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. 4-nji noýabrda bolsa türkmen pawilýonynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň baş direktory Abdulkarim Al Maazmi bilen gepleşik geçirildi. Duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we täze taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň pawilýonynda kompaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti «ADNOC», «Petronas», «Siemens Energy», «Baker Hughes», «Yug-Neftegaz» we «Azizi Group» ýaly halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Taraplar nebitgaz we energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ADIPEC-2025 halkara sergisine gatnaşmagy, ýurduň energetika we maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda hem-de iri halkara kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti