Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
03.11.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji noýabrda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar.

Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler.

“Şeýle hem bu gün biz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsini ulanmaga berýäris. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metrdir. Şeýle hem şu gün biz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu gün Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýändigini aýdyp, deňiz suwuny arassalaýjy bu desganyň Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtady.

Umuman, ýurdumyzyň Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Şeýle hem Gyzylarbat etrabynda döwrebap obanyň, häzirki zaman köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi we geljekde-de Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti