Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan OGT 2025 forumynda halkara ykrarnamasyna eýe boldy
02.11.2025

2025-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen 30-njy “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2025” (OGT 2025) halkara maslahaty we sergisi dünýä metbugatynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede ünsüni özüne çekdi we Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynda artýan ornuny görkezdi.

Ýubileý forumy energiýa pudagynda durnukly ösüşiň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin 70-den gowrak ýurduň ministrlerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we pudak bilermenlerini bir ýere jemledi.

Energy Intelligence, S&P Global Platts, NewsBase, Natural Gas World, Euronews, TRT (Türkiýäniň radio we telewideniýe korporasiýasy), Trend habarlar agentligi, Interfaks we Mir 24 TV ýaly öňdebaryjy halkara neşirleriniň we telewideniýe kanallarynyň habarlary we göni ýaýlymlary Türkmenistanyň gazananlaryny we durnukly energiýa geljegi üçin strategik garaýşyny görkezdi.

Bu media platformalary OGT 2025-i konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Ýewraziýada energiýa gepleşikleri, tehnologik innowasiýalar we senagat döwrebaplaşdyryş merkezi hökmündäki ornuny nygtady.

Halkara forumynyň çäreleri “Trend News Agency” (Azerbaýjan), “Energy Intelligence” (Beýik Britaniýa/ABŞ), “bne IntelliNews” (ÝB), “NewsBase” (Beýik Britaniýa), “Euronews” (ÝB), “News Central Asia” (Pakistan/KA), “E-CIS” (GDA-nyň Sebitleýin Agentligi), “S&P Global Platts” (ABŞ) we “Natural Gas World” (Beýik Britaniýa/ABŞ) tarapyndan beýan edildi.

Halkara metbugaty şeýle hem “Euronews”-yň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana sapary baradaky wideoreportažyna aýratyn üns berdi. TAPI (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň bir bölegi bolan “Arkadagyň ak ýoly” diýlip atlandyrylýan Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň düýbüniň tutulyş dabarasynda surata düşürilen wideoda Gahryman Arkadagyň parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ösüş baradaky umumy garaýyşyň töwereginde hyzmatdaşlary birleşdiren taryhy pursady beýan edýär.

“Euronews” teleýaýlymynyň bu taslama baradaky habary we “OGT 2025 halkara metbugatynyň aýnasynda” atly dayjestde çap edilen makalalary TAPI-nyň Türkmenistanyň global energiýa gün tertibinde möhüm ähmiýetini ýene bir gezek nygtady. Bu gaz geçirijisi diňe bir infrastruktura taslamasy hökmünde däl, eýsem, konstruktiw diplomatiýanyň we durnukly, özara baglanyşykly geljegiň nyşany hökmünde garalýar, Merkezi we Günorta Aziýany hyzmatdaşlyk we ösüş arkaly baglanyşdyrýar.

Bu näme üçin möhüm?

OGT 2025 forumynyň halkara habarlarynda ilkinji gezek şu aşakdakylar hasaba alyndy:

- Türkmenistanyň maýa goýum syýasatyna bolan ynamyň artmagy;

- metan başlangyjyna we pes uglerodly energiýa goşandynyň ykrar edilmegi;

- Ýewropa, Türkiýä we TAPI taslamasyna gaz üpjünçiligine bolan gyzyklanmanyň artmagy;

- Aşgabady Ýewraziýada senagat we energiýa gepleşikleri üçin platforma hökmünde görkezmek.

OGT 2025-e giňden halkara üns berilmegi, Türkmenistanyň global energiýa sahnasynda abraýynyň artýandygyny subut etdi. Ýubileý forumy Türkiýeden we ÝB-den Aziýa bazarlaryna çenli global hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň esasyny goýdy. Indiki ädim innowasiýa, sanlylaşdyrma we durnukly energiýa meselelerine gönükdirilen OGT 2026-dyr.

Turkmen Energy Forum (TEF)

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti