Türkmenistanyň Prezidenti Alžiryň baştutanyny milli baýramçylyk bilen gutlady
03.11.2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, alžirly kärdeşine ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurdyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Şeýlede okaň
03.11.2025







