 
                            “The Gulf Observer” habarlar agentligi we “The Gulf Observer Research Forum” ylmy-derňew merkezi Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde 28-nji oktýabrda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly tegelek stol geçirdi.
Tegelek stola BMG-niň Pakistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Yahýa, şeýle hem Pakistanyň ylmy-derňew merkezleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň tejribeli bilermenleri, habarçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn daşary syýasatyna ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow öz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň soňky 30 ýylyň içinde geçen ösüş ýoly hem-de 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreler barada gürrüň berdi.

 
                        





