 
                            Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygynda 30-njy oktýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň konsuly Meretdurdy Abdyllaýew çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan möhüm üstünlikleriniň biri bolup durýandygyny we onuň parahatçylykly daşary syýasatymyzyň nyşanyna öwrülendigini belledi. Geçen otuz ýylyň içinde Bitaraplyk ýurdumyzyň milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, sebitleýin parahatçylygyň, durnuklylygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýeti eýeledi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurduň syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlarynda gazanan uly üstünliklerine aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekde eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

 
                        





