Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 7,8 million dollaryndan gowrak boldy
29.10.2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, flanel matalar, buýan köküniň ekstrakty we pagta önümleriniň arassalanylan galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 7,8 million dollaryndan gowrak boldy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti