Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň baştutanyny Respublika güni bilen gutlady
25.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň baştutanyny Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Gazagystan Respublikasy döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň oňyn we strategik häsiýete eýedigini uly kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti