Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslary we ýurdumyzyň halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady
25.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda itşynaslary we ýurdumyzyň halkyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy sarpalamagyň nyşany hökmünde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Türkmen alabaýynyň hormatyna bellenilýän bu özboluşly baýram Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlary tebigy we nusgalyk häsiýetlere eýedir.

Häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň esasy nyşanlarynyň biridir. Taýsyz bedew atlary seýisläp ýetişdiren türkmen halky arassa ganly tohum itlerini ýetişdirmekde-de dünýä nusgalyk ýoly döredipdirler. Olar itlerde eýesine wepalylyk, hüşgärlik, ugurtapyjylyk, garadangaýtmazlyk ýaly häsiýetleri kemala getirmegi başarypdyrlar. Arassa ganly tohum alabaý itleri gadymy halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr”, - diýip döwlet baştutanymyz aýtdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklardan gözbaş alýan milli itşynaslyk sungatymyzy kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Munuň özi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi üçin kuwwatly itergidir. Şeýle hem ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň merkezleri guruldy.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip, onuň çäklerinde dürli bäsleşikler guralýar. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp bolmak ugrunda geçirilýän bäsleşige itşynaslarymyzyň ösdürip ýetişdirýän alabaýlary gatnaşdyrylýar we gözden geçirilýär. Munuň özi gözelligiň nusgasy bolan ajaýyp gylykly türkmen alabaýlaryny synlamaga döredilen uly mümkinçilikdir. Alabaýlaryň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen bagly işleriň toplumlaýyn häsiýetde alnyp barylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Biz geljekde hem itçilik pudagyny ösdürmäge, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, dünýä döwletleri bilen özara pikir alyşmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns bereris”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.

Serdar Berdimuhamedow herkime berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti