Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji oktýabrda hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
DIM-yň başlygynyň belleýşi ýaly, Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapara gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.







