Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-nyň Baş sekretaryny gutlady
24.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrüldi. Gurama tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalar we durmuşa geçirilen başlangyçlar häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň pugta binýadyny düzýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň nygtady.

Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi we pugtalandyrmagy dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle hem BMG-niň Sekretariatynyň ähli agzybir işgärlerine mähirli gutlaglaryny we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti