
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» XXX halkara maslahatynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Rowşan Najaf çykyş etdi. Ol Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, olaryň hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişendigini beýan etdi.
SOCAR-yň başlygy türkmen gazynyň dünýä energetika ulgamynda ähmiýetli ornuny belledi. Rowşan Najaf SOCAR kompaniýasynyň Türkmenistanyň «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini tassyklady. Ol kompaniýanyň iki ýyl mundan ozal Türkmenistanda öz wekilhanasyny açandygyny ýatlatdy.
Häzirki ählumumy kynçylyklary nygtap, SOCAR-yň prezidenti dünýäniň arassa energiýa çeşmelerine geçmek bilen bagly «täze sepgitleriň çatrygynda» durýandygyny beýan etdi. Bu ugurda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi iki ýurt hem ägirt uly gaz gorlaryna eýedir. Rowşan Najaf üpjünçilik ýollaryny diwersifikasiýa etmegiň ähmiýetini aýratyn belläp, iki döwletiň bilelikdäki tagallalarynyň sebit ykdysady ösüşine uly goşant goşýandygyny we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrýandygyny belledi.