Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
OGT-2025 forumynda Türkmenistanyň maýa goýum sepgitleri we energetiki geçişde çig malyň orny maslahatlaşyldy
23.10.2025

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT-2025) halkara maslahatynyň birinji sessiýasynyň çäklerinde «Çig mal serişdeleri – energetiki geçişiň binýady hökmünde: maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikler» atly möhüm panel gepleşigi geçirildi.

Sessiýa gatnaşyjylar dünýä energetika ulgamynda gidrokarbonatlaryň we nebithimiýa çig malynyň ähmiýetiniň esasy orun eýelemgini dowam edýändigini bellediler.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowyň çykyşynda belleýşi ýaly, 71 milliard tonnadan gowrak nebit barabarlygyndaky gidrokarbonat gorlaryna eýe bolan Türkmenistan strategik çig mal üpjün ediji ýurt hökmünde öz ornuny saklaýar.

Maslahatyň barşynda halkara hyzmatdaşlygynyň üstünliklerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, TEIF 2025 forumynyň çäklerinde Kuala-Lumpurda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen PETRONAS Carigali Sdn Bhd kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 11, 12, 16, 21 we 23-nji bloklarda geologik gözleg işlerini geçirmegi göz öňünde tutýan Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi bellenildi.

Panel duşuşygynda iň täze geologik maglumatlar, maýa goýumlar üçin mümkinçilik döredýän taslamalar, şeýle hem Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak baradaky strategiyasy — ony ýangyç we çig mal hökmünde ulanmak boýunça innowasiýalar hem-de degişli infrastruktura giňeltmek meýilnamalary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahat ertir hem öz işini dowam etdirer.

çeşme:http://oilgas.gov.tm