
«Türkmennebit» Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow 21-nji oktýabrynda Aşgabada Türkmenistanyň Halkara energetika sergisine, işewür gepleşikleriň birnäçesine gatnaşmak üçin gelen Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar nebitgaz pudagynda bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýyny we durmuşa geçirilişiniň geljegini, şol sanda uglewodorodlary çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýumlary giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Agajanow PETRONAS kompaniýasy bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi we Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşine gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ynam bildirdi.