Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady
22.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji oktýabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň gatnaşyjylaryny gutlady.

“Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär. Halkara maslahat we ugurdaş geçirilýän giň gerimli sergi innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary, täze taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, toplumyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek we logistik kuwwatyny berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň iýul aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň täze nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň ulanmaga berilmegi hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir”, - diýip döwlet baştutanymyz aýtdy.

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň durnukly ösýän ykdysadyýeti daşary ýurt işewürlerinde ynamy berkidip, geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmäge islegleri artdyrýar.

Şu ýyl 30-njy gezek ýokary derejede geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn”, - diýip Serdar Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz maslahata we sergä gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti