Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Türkmengaz" döwlet konserni Hytaý kompaniýasyndan göteriji buraw desgalaryny satyn aldy
25.09.2023

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň iri hem-de öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyna bölünip berilýän serişdeler ulgamyň nebit-gaz kärhanalaryny döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde, "Türkmengaz" döwlet konserniniň Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirligine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan täze tehnikalar - gaz berýän guýulary düýpli abatlamak üçin niýetlenen, kämil tehnologiýaly, özi ýöreýän göteriji buraw desgalary gelip gowuşdy. Bu barada penşenbe günündäki "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, täze tehnikalar baş baýramyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanynyň türkmen gazçylaryna ajaýyp toý sowgady boldy.

"Türkmengaz" döwlet konsernine gelip gowşan täze tehnikalar milli däp-dessurlara laýyklykda garşylanyldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň "Jere" kompaniýasynyň önümi bolan ýokary tehnologiýaly buraw desgalary gaz berýän guýulary ýerasty hem düýpli abatlamak üçin niýetlenendir. Olar bu ugurda ozalky ulanylýan desgalardan iş öndürijiliginiň has ýokarydygy bilen tapawutlanýar.

Desganyň ýene bir aýratynlygy: ol guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini 5 müň metr çuňluga çenli aralykda ýokary hilli geçirmäge ukyplydyr.

Doly awtomatlaşdyrylan bu tehnikanyň ýük göterijiligi 180 tonna deňdir.

Guýularda abatlaýyş işleri geçirilende turbalary guýa goýbermek, ýokary galdyrmak we beýleki çylşyrymly işleri gysga wagtda, çalt amal edip bilmegi desganyň ýene bir bähbitli aýratynlygydyr. Bu bolsa guýynyň abatlanylýan möhletiniň dowamlylygyny gysgaltmaga ýardam berýär.

Täze tehnikalarda sürüji üçin hem oňaýly, amatly iş şertleri döredilipdir. Bu hem göteriji buraw desgasynyň esasy aýratynlygydyr.

Täze gelip gowşan tehnikalar bada-bat "Türkmengaz" döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleri bolan "Marygazçykaryş", "Döwletabatgazçykaryş", "Lebapgazçykaryş" müdirliklerine bölünip berildi.