
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň binasynda 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, BMG-niň 80 ýyllygy hem-de “BMG – 80 oýunlary” atly sport ýaryşlarynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, dialog, hyzmatdaşlyk hem-de parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda üýtgewsiz çykyş edýändigini belledi. Häzirki wagtda döwletimiz BMG-niň gymmatlyklaryna ygrarlydygyny tassyklamak bilen, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin ählumumy herekete möhüm goşant goşýar.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 4-nji awgustyndan 12-nji oktýabry aralygynda geçirilen “BMG – 80 oýunlary” atly sport ýaryşlary hem 2025-nji ýylyň bu möhüm senelerine bagyşlandy. Dabara ýygnananlara sport ýaryşlarynyň geçirilişiniň netijeleri barada wideo ýazgy görkezildi.
Çäräniň çäklerinde türkmen milli aýdymlary ýerine ýetirildi hem-de asylly däbe görä ähli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.
Türkmenistanyň bitaraplygynyň ýubileýi mynasybetli forum Ženewada hem geçirildi, ol häzirki zaman global kynçylyklaryň öňünde strategiki çemeleşme hökmünde bitaraplygy ara alyp maslahatlaşmak üçin giň gerimli platforma boldy.
Forumyň maksatnamasy «Häzirki dünýäde bitaraplyk – durnuklylygy we ynanyşmagy üpjün etmek boýunça diplomatik çemeleşmeler», «Bitaraplygyň ykdysady ölçegi – onuň maýa goýum gurşawyny döretmekdäki orny», «Bitaraplyk we tehnologiýalar – emeli aňy düzgünleşdirmek we sanly howpsuzlyk» atly üç sany sessiýadan ybarat boldy.
Çärä gatnaşanlar bitaraplygyň XXI asyrda durnukly ösüşiň, halkara dialogyň we ynanyşmagyň möhüm guralyna öwrülýändigini nygtadylar.