Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Konsullyk patentini gowşurdy
17.10.2025

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarow 16-njy oktýabrda Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça Baş müdirliginiň direktory Gülsun Erkula Konsullyk patentini gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Şeýle-de diplomatlar geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi