Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň wekiliýeti “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025” çykyş etdi
15.10.2025

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 13-nji oktýabrda Pekinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy.

Öz çykyşynda Berdiliýewa, Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda bilim, saglygy goraýyş, ylym, ykdysadyýet we döwlet dolandyryşy ýaly ulgamlarda zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri hökmünde, jemgyýetde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, gender deňligini öňe sürmek we maşgalanyň institutyny berkitmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.

Ol türkmen zenan telekeçilerine berilýän goldaw, oba ýerlerinde durmuşa geçirilýän taslamalar, ýaş hünärmen zenanlara bilim we hünär taýdan ösüşde kömek bermek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem belläp geçdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi