Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň we Gruziýanyň uniwersitetleri özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler
14.10.2025

Gruziýanyň Suhumi Döwlet Uniwersitetiniň rektory Tei Jugeliniň 11-nji oktýabrda Türkmenistana eden saparynyň çäginde Ýagşygeldi Kakaew adyndaky halkara nebit-gaz uniwersiteti bilen ýokarda agzalan Gruziýanyň uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekildi.

Uniwersitetlaryň rektorlary ýokary okuw jaýlary bilen akademiki toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary bellediler we ylymda we bilimde özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Djugeli, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda seminar we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit-gaz uniwersitetinde leksiýalar geçirdi. Talyplar bilen gyzgalaňly gepleşik wagtynda Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory olaryň köp soraglaryna jikme-jik we giňişleýin jogap berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti