
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan geçirilen çärä degişli toplumyň önümçiliklerinden zenanlar gatnaşdylar.
Maslahatda bolan çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyyňň Galkynyşy döwründe zenanlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, olar ähli pudaklarda üstünlikli zähmet çekýärler. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş derejesini gowulandyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirildi.
Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, parahatçylygy dabaralandyryjy ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyk gazanýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasy yň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we onda çykyş etmegi diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasaty ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň, şol sanda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän müňlerçe zenanlaryň buýsanjyny artdyrýar we olarda ýagty geljege berk ynam döredýär.
Çeşme: “Nebit-Gaz” gazeti