
Duşenbede iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin täjik tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Taraplar iki ýurduň bu ulgamdaky mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.
Taraplar Türkmenistan we Täjigistan medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berýändigini aýtdylar. Şunda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolmagynda galýar.