
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäginde “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy.
Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň geçirilmeginiň şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini görkezýändigini belledi.
Merkezi Aziýada durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işimiz ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ulgamda sebitiň ýurtlarynyň, şeýle-de Russiýanyň baý tejribe toplandyklaryna, daşary syýasat edaralarynyň, beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilýändigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda olaryň gün tertibine täze wehimlerdir howplara garşy tagallalary utgaşdyrmak, şol sanda maglumat we biologik howpsuzlygy, ýurtlarymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça meseleler girizilýär. Bular örän möhüm bolup, biz olary esas goýujy gymmatlyklarymyza, däplerimize, taryhy tejribä esaslanyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilelikde çözýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny hem-de işjeňleşdirilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalaryň başy başlandy. Ulag ulgamy bu gün aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň çäklerinden geçýän ygtybarly, durnukly, netijeli logistika ulgamynyň döredilmegi bu ugurda bilelikdäki hereketleriň esasy maksadydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, şunda ýurdumyzyň elektroenergetika aýratyn üns berýändigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň çägi boýunça elektrik energiýasyny ibermek, şeýle hem goňşy ýurtlara we sebitlere, ilkinji nobatda, günorta ugra çykmak meselesine seretmegi teklip etdi.
Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak babatda-da has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz şu barada aýdyp, ýurtlarymyzyň bilelikde toplan, şeýle-de täze tejribeleriniň, ylmy-tehniki gazananlarynyň esasynda birek-birege teklip edip biljek zatlarynyň bardygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan Innowasion ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Munuň özi içerki ösüş we halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” ýaly hyzmatdaşlyk formatynyň möhümdigine, onuň uly kuwwatynyň bardygyna berk ynanýandygyny tassyklady.