
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we ýolbaşçylygynda 30 ýyl mundan ozal kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny, onuň maddy-enjamlaýyn hem-de kanunçylyk binýadyny düýpli kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny berkitmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri dowam etdirýäris. Bu ugurda örän möhüm wezipeleri amala aşyryp, gazanylan üstünlikleri berkidýäris.
Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman ylmy-kliniki, bejeriş-anyklaýyş merkezlerini, şypahanalary, saglyk öýlerini, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazýarys. Bu ugurda halkara bileleşik, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işleri amala aşyrýarys. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm ugurlarda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly ähmiýet berýäris”, - diýip Prezidentimiz aýtdy.
“Häzirki döwürde ýurdumyzda has kämil bejeriş usullary ornaşdyrylyp, ilatymyza dünýä lukmançylygynyň ähli hyzmatlary diýen ýaly hödürlenilýär. Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, özümizde dürli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümleriň geljekde dünýä bazarlarynda hem uly orny eýelejekdigine ynanýaryn.
Türkmen lukmanlary hünär derejelerini ýokarlandyrmak, tejribe geçmek üçin Ýewropanyň we beýleki öňdebaryjy döwletleriň saglygy goraýyş merkezlerine yzygiderli iberilýär. Dünýäniň belli lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Däp bolan Türkmen-german lukmançylyk forumy munuň aýdyň mysalydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, giň gerimli işleri alyp barýar. Gaznadan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Häzire çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesinde çylşyrymly operasiýalar, beýleki bejeriş-anyklaýyş işleri geçirildi”, - diýip döwlet baştutanymyz belläp geçdi.
Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işlerindede täze üstünlikleri arzuw etdi.