
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda, Azerbaýjanda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitinde çykyş etdi.
“Türki Döwletleriň Guramasy biziň umumy taryhymyza, medeniýetimize, ruhy mirasymyza we dilimize esaslanýan dostlukly halklarymyzyň halkara guramasy bolup durýar. Guramanyň baş maksady türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendir.
Pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlamak isleýärin. Siziň hemmäňizi bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara foruma uly hormat bilen çagyrýaryn”, - diýip Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
“Türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk halklarymyzyň özboluşly milli aýratynlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ony kämilleşdirmekde, dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip edýäris. Hususan-da, Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça biziň durmuşa geçirýän uly işlerimiz bar we olar köpdür. Ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan baý tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.
Ýakyn wagtda biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hem iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek babatda tagalla edýäris. Şol bir wagtda bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda işleşmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň medeni gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine berk ynanýarys. Şunuň ýaly çäreleri beýleki doganlyk ýurtlar bilen hem guramagy maksadalaýyk hasaplaýarys.
Ýokarda beýan edilen asylly maksatlara ýetmek, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky wesýetlerine eýerip, öňümizde duran möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ähli döwletler bilen has önjeýli we ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardyr”, - diýip Halk Maslahatynyň başlygy belläp geçdi.
Türkmen halkynyň Milli lideri hemme çärä gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türki döwletleriň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.