
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji oktýabrda Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy.
Dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Azerbaýjanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny beýan edip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Taraplar dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi we ýakyndygy aýtdylar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna, halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak meselelerine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Prezident Ilham Aliýewi oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýandygyny hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Hazar boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, söwda, deňiz gatnawlary we ylmy gözlegler ýaly ugurlary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, Hazar deňziniň häzirki ekologik ýagdaýyny göz öňünde tutup, bu sammitiň esasy mowzugy hökmünde deňziň ekologik howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly meseleleriň orta çykarylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Şeýle hem söhbetdeşler halyçylyk, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.