
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy.
RF-niň Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara dialogy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň uly goşandyny belledi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Wladimir Putin çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasatynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.