
Aşgabatda 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ÝUNISEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça pikir alyşdylar. Maksatnama çagalaryň irki ösüşi, inklýuziwlik we jemgyýete goşulyşmak, howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi hem-de ýaşlaryň goşulyşmagy ýaly esasy ugurlary öz içine alýar.
Şeýle hem duşuşykda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ÝUNISEF-iň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.