Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
02.10.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-njy oktýabrda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyza şäheriň “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň sanjym önümleriniň önümçiligine niýetlenen kärhananyň, baş metjidiň girelgesiniň taslamalary, “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak, Janly tebigatyň milli muzeýine çenli teklip edilýän täze ýoly gurmak boýunça, şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar.

Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Milli sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hassalaryň maglumatlaryny dolandyrýan merkeziniň şekil taslamalary, onda ýerine ýetiriljek işleriň ähmiýeti barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara degişli birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, ilkinji nobatda, lukmançylyk ylmynyň ýeten derejesini özleşdirmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde şäheriň dürli maksatly binalarynyň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu işleriň degişli ekologik ýagdaýy kada laýyk saklamakda ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti