Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
02.10.2025

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 1-nji oktýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýtdy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi.

Baş prokuror Begmyrat Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Içeri işler ministri Muhammet Hydyrow sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň jemleri barada aýtdy. Onuň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirildi.

Adalat ministri Merettagan Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşy, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň çäklerinde teklipleri taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň ornaşdyrmak, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň täze etraplarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerini döretmek hakynda resminama gol çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini belläp, bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti