
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPО-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony möhüm waka bilen bellendi — onuň myhmanlarynyň sany iki milliondan geçdi. Ýubileý myhman sentýabr aýynyň ahyrynda hasaba alyndy, bu bolsa ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Iki millionynjy myhmanyň hasaba alynmagy bilen Türkmenistanyň pawilýony sergide aýratyn üstünlik gazanan ýerleriň biri hökmünde tanaldy. Bu waka ýurdumyzdaky giň gerimli halkara hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de medeni diplomatiýanyň üstünlikli dowam edýändiginiň görkezilmesi hökmünde baha berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly açylan pawilýon, «EKSPО-2025» sergisinde ilkinji açylan milli pawilýon bolupdy. Bu möhüm başlangyç ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornunyň barha güýçlenýändigini görkezýär.
Pawilýon «Belli HJ» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilip, häzirki zaman binagärlik mümkinçilikleri bilen milli öwüşginleriň sazlaşygyny görkezýär. Pawilýon birnäçe bölümden ybarat bolup, ol ýerde myhmanlar ykdysadyýet, innowasiýalar, taryh, medeniýet we milli miras bilen giňişleýin tanşyp bilýärler.
Şeýle hem pawilýonda ýerleşýän we türkmen milli tagamlaryny hödürleýän etnografik restoran uly meşhurlyga eýe bolup, myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.
Pawilýonda gadymy senetçilik, milli lybaslar, şekillendiriş sungaty ýaly medeni gymmatlyklara bagyşlanan sergi bölümleri myhmanlar tarapyndan aýratyn gyzyklanma bilen kabul edilýär.
Iki milliondan gowrak adam tarapyndan baryp görülmegi Türkmenistanyň pawilýonynyň diňe bir sergi merkezi hökmünde däl, eýsem medeni dialogyň, durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde hem öz ornuny tassyklady.