Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Aşgabatda Ýewropa bazaryna тürkmen energiýa çeşmeleriniň eksporty barada ara alnyp maslahatlaşyldy
02.10.2025

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Wengriýa hökümetara toparynyň altynjy ýygnagy 30-njy sentýabrda Aşgabatda geçirildi. Duşuşykda Türkmenistandan Ýewropa Bileleşigine energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministri Mammetguly Astanagulow ýolbaşçylyk etdi, Wengriýa tarapyna Döwlet meseleleri boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisi Adam Stifter ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar Ýewropa bazarynyn energiýa üpjünçiliginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we ýaşyl energiýa hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek meýilnamalaryny beýan etdiler.

Gepleşikleriň esasy mowzugy söwda we ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirmek barada boldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat we Budapeşt maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak baradaky ylalaşyk boýunça işi çaltlaşdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem, işewür wekiller üçin özara işewürlik saparlaryny guramak meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan tebigy gaz bilen üpjünçiligini diwersifikasiýa etmek syýasatyny alyp barýar we Ýewropa gönükdirilen taslamalara aýratyn üns berýär. Türkmenistan subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly