Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy golf ýaryşyny gurady
30.09.2025

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy tarapyndan 27-nji sentýabrda ýurduň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli
ýoldaşlyk golf ýaryşy we baýramçylyk kabul edişligi guraldy. Çäre Yslamabatdaky
«Pines Golf Club» klubunyň ýolbaşçylary bilen bilelikde geçirildi.

Ýaryşa Pakistanda akkreditirlenen ilçiler, diplomatlar we pakistanly ezber
golfçular gatnaşdy. Ýaryş dostluk, sport bäsdeşligi we birek-birege hormat goýmak ruhunda geçdi.

Sport ýaryşyndan soňra Türkmenistanyň ilçihanasynyň adyndan iň gowy netijeleri
görkezen oýunçylara ýaryşa gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk nyşany hökmünde
ýadygärlik baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Soňra baýramçylyk kabul edişlik guraldy. Oňa Pakistanyň DIM-iniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Myhmanlar çäräniň ýakymly we dostlukly ýagdaýda geçendigi, onuň ýokary derejede
guralandygy hem-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer
we diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygy barada
bellediler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi