Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Seul şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bellenildi
30.09.2025

Seul şäherindäki «Grand Hyatt» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda baýramçylyk kabul edişligi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de 2025-nji ýylyň BMG-nyň tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň hormatyna guraldy.

Dabaraly kabul edişlige Koreýa Respublikasyndan hökümet, parlament, daşary işler ministrligi we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Seulda bilim alýan türkmen talyplary hem-de ýerli we halkara metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Çärä hormatly myhman hökmünde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça orunbasary we metbugat sekretary jenap Li Çže Un gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçisi Begenç Durdyýew çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan möhüm üstünlikler, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilen özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasat hakynda aýdyp geçdi.

Ilçi, şeýle hem, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025 – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň 86 döwlet tarapyndan goldanyp kabul edilendigini nygtap, bu üstünlik ýurduň halkara derejesindäki abraýynyň subutnamasydygyny belledi.

Koreýanyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Li Çže Un hem öz çykyşynda Türkmenistanyň we Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk we özara düşünişmäge esaslanýandygyny, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň Prezidentleriniň tagallasy bilen täze derejä çykandygyny aýratyn belledi. Şeýle-de, ol 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň bu hyzmatdaşlygyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň sergisi guraldy hem-de myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi