
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Şunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň alyp barýan işiniň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Iki ýurduň ylym, bilim, medeniýet işgärleri, wekiliýetleri Türkmenistanda hem-de Tatarystanda geçirilýän iri halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar.
RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalaryny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanowyň şu gezekki saparynyň türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.