
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig we bu kompaniýanyň käbir wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Işewürler duşuşygyň başynda gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda bu kompaniýa senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Şeýle hem bu kompaniýanyň Türkmenistanyň energetika pudagynda we saglygy goraýyş ulgamynda alyр barýan işleri bellenildi.
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň we ykdysady taýdan netijeli bolan çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýdyp, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşjakdygyna ynam bildirdi
«Rönesans Holding» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşykda bu kompaniýanyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini bellenildi. Şeýle hem hususy pudakdaky netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy.
Gahryman Arkadag «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny belläp, kompaniýanyň alyp barýan işine ýokary baha berdi.
Fransuz işewürleri bilen duşuşykda Marten Buig şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygyň örän netijeli bolandygyny, onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki täze ugurlary barada pikir alşandyklaryny aýtdy.
Gahryman Arkadag myhmanlary mähirli mübärekläp hem-de gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, «Buig» kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Marten Buig bildirilýän ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem öz şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz berjaý etjekdigine ynandyrdy.