
26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Duşuşyga «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, şeýle hem «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, fransuz işewürleri wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti myhmanlary mähirli mübärekläp, «Buig» kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Döwlet Baştutany işewürleriň şu gezekki saparynyň hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we «Buig» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti kompaniýanyň jogapkärçiligiň ýokary derejesini görkezip, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigini belledi we Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, «Buig» kompaniýasynyň täze tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Marten Buig bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga ygrarlydygyny nygtady.