
2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda General-admiral F.M. Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki Konsuly, Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblastyndaky wekilhanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem, institutyň professor-mugallymlary, talyplary we Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň okuwçylary bu çärä gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Konsuly G.Ilamanow çykyş edip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen ösüşler we üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň soňky mejlisiniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de, ol bilim, medeniýet we ynsanperwerlik ugurlaryndaky türkmen-rus gatnaşyklary barada hem gürrüň etdi.
Medeni çäre çeper okaýyş, türkmen halk aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi we dutarda sazlaryň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdirildi. Dabara türkmen halkynyň milli tansy “küştdepdi” bilen tamamlandy.
Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Konsuly bilen Hazar institutynyň direktory O.Kartaşowa Türkmenistanyň talyplary bilen duşuşyk geçirip, terbiýeçilik ähmiýetli gürrüňdeşlik geçirdiler. Duşuşykda ýaşlaryň ösüşine gönükdirilen döwlet syýasaty we ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berildi.